Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda doglan futbolçy Azat Baýryýew çykyşyny “Aktobede” dowam eder

00:2117.02.2015
0
4620

  Aşgabat, 17.02.2015, “Türkmenportal”.

“Türkmenistanda doglan russiýaly futbolçy Azat Baýryýew öz çykyşyny “Aktobe” klubynyň düzüminde çykyş eder” diýip, “Sport.kz” saýty habar berýär.

Azat Baýryýew futbolçy hökmünde ilkinji gezek 2006-njy ýylda Krasnodaryň “Kubanynyň” düzüminde meýdança çykdy. Soňra ol Belgorodyň “Salýutynda”, Brýanskiniň “Dinamosynda”, Wladikawkazyň “Alaniýasynda”, Habarowkiniň “SKA-Energiýada” çykyş etdi. Merkezi goragçynyň ornunda oýnaýan we uzyn boýy bilen tapawutlanýan (191 sm) Azat Baýryýewiň soňky oýnan klubynyň Penzanyň “Zenididigini”ýatladýarys.

Azat Baýryýew 1989-njy ýylyň 17-nji fewralynda Balkanabat şäherinde doglupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň