Hytaýyň Hunan ülkesindäki ýurtda ikinji uly süýji suwly köl bolan Duntinhuda suwda ýüzýän guşlaryň rekord sany hasaba alyndy, olar 74 görnüşden bolan 404 müň guşdur. Bu barada HHR-niň Sinhua habarlar gullugyna esaslanyp, «Belta» ýazýar.
Ýerli tokaý hojalygy edarasynyň maglumatlaryna görä, 447 sany guş 5 görnüşden bolup, olar birinji derejeli döwlet goragynda saklanýar, guşlaryň 12 görnüşe degişli bolan 25 müňüsi ikinji derejeli döwlet goragyna degişlidir.
Ýueýan şäheriniň etegindäki tebigy goraghanada hem ýabany gara leglekleriň 140-si hasaba alyndy, olar tebigatda seýrek duşýar.