Aşgabatly okuwçylar spidkubing boýunça geçirilýän ýaryşa çagyrylýar

10:4114.02.2022
0
7233

«AkEnMar» PR agentligi bilen «Galam» kanselýariýa harytlarynyň dükany aşgabatly mekdep okuwçylary 24-nji martda Rubigiň kubigini tiz ýygnamak boýunça geçirilýän ýaryşa çagyrýarlar.

Bu bäsleşige 1-nji synpdan başlap, 11-nji synpa çenli ähli mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler. Ýaryş iki kategoriýada — 1-den 5-nji synpa çenli, şeýle-de 6-dan 11-nji synpa çenli okuwçylaryň arasynda geçiriler.

Her toparda üç sany baýrakly orun boýunça ýeňijiler yglan ediler we olara «Galam», «Bossan Concept» dükanlarynyň hem-de «Ak Tam Bazary» söwda meýdançasynyň hemaýatkärlik etmeginde baýraklar gowşurylar.

Spidkubing boýunça geçirilýän ýaryşa gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar şu telefon belgä jaň edip habarlaşyp bilerler: 75-42-11.

Pikirlenmegi talap edýän kub görnüşli bu täsin oýun 1974-nji ýylda wengriýaly heýkeltaraş hem-de binagär Ernýo Rubik tarapyndan oýlanyp tapyldy. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda bolsa bu güýmenje oýny uly meşhurlyga eýe bolup başlady.

Rubigiň kubigini düzmek adamyň duýgurlygyny we logiki pikirlenmek başarnygyny terbiýeleýär, esasan-da tiz oňyn netije çykarmak endigini ösdürýär. Islendik bir logiki oýun ýaly, Rubigiň kubigi hem örän ünsli çemeleşmegi talap edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň