Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Türkmenistanda gar gatyşykly ýagyş ýagar

10:0014.02.2022
0
5076

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 14-nji fewralda Aşgabatda hem-de welaýatlarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

  • Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +3... +5° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 65 — 85%.
  • Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +6... +11°, kenarýaka etraplarynda +1... +6° maýyl bolar.
  • Türkmenbaşy şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 765 mm, çyglylygy 55 — 75%.
  • Awazada: howa +3... +5°, basyşy 773 mm, çyglylygy 60 — 80%.
  • Balkanabat şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 774 mm, çyglylygy 50 — 70%.
  • Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +2... +7° maýyl bolar.
  • Änew şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 745 mm, çyglylygy 70 — 90%.
  • Tejen şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 755 mm, çyglylygy 65 — 85%.
  • Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +6... +11° maýyl bolar.
  • Mary şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 751 mm, çyglylygy 55 — 75%.
  • Baýramaly şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 750 mm, çyglylygy 50 — 70%.
  • Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +3... +8°, günorta etraplarynda +12° çenli maýyl bolar.
  • Türkmenabat şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 752 mm, çyglylygy 60 — 80%.
  • Kerki şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 747 mm, çyglylygy 50 — 70%.
  • Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4° sowukdan +1° çenli maýyl, gündizine -1° sowukdan +4° çenli maýyl bolar.
  • Daşoguz şäherinde: howa +2... +4°, basyşy 764 mm, çyglylygy 60 — 80%.
  • Köneürgenç şäherinde: howa 0... +2°, basyşy 765 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň