Daşoguzdaky teatr «Görogly» şadessanyny sahnalaşdyrýar

12:2913.02.2022
0
4160
Daşoguzdaky teatr «Görogly» şadessanyny sahnalaşdyrýar

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry «Görogly» şadessanynyň esasynda täze oýun goýup başlady. Teatr sahnasynda şadessanynyň iň möhüm bölümleriň biri «Bezirgen» öz beýanyny tapar.

Görogly we onuň kyrk ýigidi baradaky rowaýaty dessançy bagşylaryň sungaty bilen biziň günlerimize gelip ýetdi. Olar bu eseri halypalaryndan eşdişleri ýaly, setirme-setir ýat tutup we nesilden nesile geçiripdirler.

– Türkmen bagşyçylyk sungatyny Bütin dünýä jar etmek biziň mukaddes borjumyzdyr – diýip, oýnuň režissýory Guwanç Baýmedow belleýär. – Aýdym-saz däplerini we halk aýdymlaryny gorap saklanlar häzirki döwürdeşlerine, aslynda, özboluşly bir medeni mirasy ýetirip bilipdirler. Biziň Bezirgen hakdaky bölümi sahnada goýmagymyzyň sebäbi, onda hormat we ynamdarlyk düşünjeleri ýüze çykarylýar. Şeýle hem, onda öwüt häsiýeti bolan has gowy durmuşa ymtylyş, geçirimli bolmagy we daşymyzdaky gowy zatlary görmegi başarmalydygymyza ündewi bar.

Täze oýna teatryň tutuş topary we bagşy Amanmyrat Kakaýew gatnaşýar. Oýun bagşynyň aýdymy – dutardyr, gyjak sazy astynda hekaýatyň esasy ýordumy ýaýbaňlanýan görnüşinde düzülipdir.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky şatlykly habar teatryň işgärlerini bu eseri sahnada goýmaga ruhlandyrypdyr.

2015-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Görogly» şadessanynyň hem goşulandygyny bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň