Ýakynda geçirilen «Премия Каспий-2022» halkara ýaşlar festiwalynda türkmenistanly wekiller ýeňijileriň hatarynda orun eýelediler. Bu barada astrgorod.ru saýty habar berýär.
Geçirilmesi däbe öwrülen bu festiwaly «ЛУКОИЛ-Нижневолжскнефть» jemgyýetiniň, Astrahan oblastynyň ýaşlar baradaky agentliginiň hem-de şäher dolandyryş merkeziniň ýardam etmeginde «Азербайджанское молодежное объединение России» umumyrus ýaşlar jemgyýetçilik guramasynyň Astrahan sebitleýin bölümi gurady.
Festiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Astrahanyň döwlet filarmoniýasynda boldy. Onda dürli döredijilik ugurlary we hünärleri boýunça gatnaşan 40 sany wekil sylaglandy. Festiwala Russiýanyň birnäçe ýerlerinden we daşary ýurtlardan wekiller gatnaşdylar. Oňa 600-den gowrak arza gelip gowuşdy we olardan 200 gatnaşyjy kabul edildi.
Festiwala teletaslamalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, fotohabarçylar, dizaýnerler, hudožnikler, sazandalar we beýleki degişli hünärmenler gatnaşdylar.
Çeşmede bellenilmegine görä, festiwalyň ýeňijileri onlaýn görnüşde kesgitlenildi we oňa islendik adamyň ses bermegi üçin mümkinçilik döredildi.