16-njy fewral taryhda

00:0416.02.2015
0
3543

Aşgabat, 16.02.2015. “Türkmenportal”.

2011-nji ýyl — türkmen paýtagtynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda geçirilýän pikir alyşmalaryň çäginde duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýarym ýylyna syn berildi.

2010-njy ýyl — Mary welaýatynda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarp ýerde döredilen Altyn sähra etrap merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

2005-nji ýyl — Kiota protokoly güýje girdi. Bu halkara resminama BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna goşmaça bolup, 1997-nji ýylyň dekabrynda Kiotada (Ýaponiýa) Kabul edildi. Ol ösen ýurtlary we ykdysadyýeti üýtgäp duran döwletleri parnik gazlaryň zyňyndylaryny köpeltmäge ýa-da durgunlaşdyrmaga borçly edýär.

1999-njy ýyl — Belarusda ilat ýazuwy başlandy.

1992-nji ýyl — Tähranda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde Azerbaýjan, Özbegistan, Türkmenistan, Gyrgyz Respublikasy we Täjigistan bu guramanyň agzalygyna Kabul edildi.

1978-nji ýyl — ilkinji kompýuter “bildirişleriň elektron tagtasy”— BBS döredildi.

1968-nji ýyl — Heýliwillde (Alabama ştaty) ABŞ-da ilkinji 911 halas ediş gullugy hereket edip başlady.

1948-nji ýyl — amerikan astronomy Jerard Koýper tarapyndan Uranyň hemrasy Miranda açyldy.

1923-nji ýyl — Goward Karter müsür faraony Tutanhamonyň guburyny açdy.

1918-nji ýyl — garaşsyz Kuban Halk Respublikasy yglan edildi.

1918-nji ýyl — Litwanyň Russiýadan we Germaniýadan garaşsyzlygy yglan edildi.

1571-nji ýyl — Iwan Groznyý goşun serkerdesi Mihail Worotynskiý tarapyndan işlenip-düzülen Russiýanyň ilkinji harby ustawyny — “Stansiýa we gorag gullugy” hakyndaky hökümi tassyklanyldy.

Kanadada miras güni (2015-nji ýyl üçin). Miras güni Kanadada fewralyň üçünji duşenbesinde baýram edilýär. Käbir welaýatlarda Miras güni goşmaça raýat baýramy hökmünde hem bellenilýär.

ABŞ-nyň Prezidentleriniň güni. ABŞ-da her ýyl fewralyň üçünji duşenbesinde Prezidentleriň güni baýram edilýär. Bu baýram öz gözbaşyny 1782-nji ýyldan alyp gaýdýar, şonda Riçmond şäheri ilkinji gezek ABŞ-nyň ilkinji Prezidenti Jorj Waşingtonyň doglan gününi baýram etdi.

Litwa döwletiniň dikeldilen güni. 1918-nji ýylyň 16-njy fewralynda Wilnýusda bolan mejlisde halkyň ygtyýarlyklary  berlin Litwanyň soweti garaşsyz, demokratik Litwa döwletiniň dikeldilendigini yglan etdi. Bu waka ýurt durmuşynda möhüm ähmiýetli waka bolup, häzirki wagtda hem bu senä döwlet derejesinde uly üns berilýär.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň