Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky ýollaryň käbiriniň durky täzelener

23:2310.02.2022
0
5106

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Taslama köçesinden Jülge ýoluna çenli aralygyň, Köpetdag şaýolunyň döwrebap täzelenilmeginiň teklip edilýän çyzgysy, duralgalaryň, ýol hereketi belgileriniň, yşyk sütünleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany taslamalar bilen ünsli tanşyp, ýollary çekmek ýa-da olary täzelemek ulgamynda öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýollaryň ugrunda ýerleşdiriljek duralgalaryň döwrebap derejesiniň we ýolagçylar üçin amatlylygynyň, oturdyljak yşyk sütünleriniň oňaýlylygynyň üpjün edilmegini, ýol hereketi belgileriniň oýlanyşykly goýulmagyny gazanmagyň möhümdigi bellenildi. Şu ýörelgeleri berjaý etmek taslamany düzüjiler, ony amala aşyrýanlar hem-de inženerler üçin ýol görkeziji bolmalydyr. Işleriň ýokary hilli hem-de awtomobil ýolunyň halkara ölçeglere laýyk gelmegini üpjün etmek olar üçin esasy talap bolup durýar.

Hökmany suratda ýol örtüginiň ýokary hil derejesini üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilmelidir. Awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan serişdelerden ybarat boljak ýol örtüginiň we köpgatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak ýörelgelerine hem üns berilmelidir diýip, milletiň Lideri nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny ýene-de bir gezek belledi hem-de bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň