Soňky habarlar

Arhiw

APL-iň toparlary geljekki möwsümden başlap köp töleg alarlar

11:5911.02.2022
0
7095

Futbol boýunça Angliýanyň Premýer ligasynda çykyş edýän toparlaryň 2022/2023 futbol möwsüminde aljak tölegleri mälim boldy. Bu barada «The Telegraph» habar berýär.

Bellenilişine görä, öňümizdäki möwsümde çempionaty ahyrky orunda tamamlan topara 106 million funt sterling, birinji orna eýe bolan topara bolsa 176 million funt baýrak tölegi tölener.

Iňlis futbolynyň ýokary ligasynyň toparlaryna möwsüm boýunça eden çykyşlary üçin berilýän tölegleriň artdyrylmagy oýunlaryň teleýaýlymlar arkaly ýaýradylmagynyň täze şertnamasy bilen bagly. APL-de geçirilýän duşuşyklaryň daşary ýurtlarda ýaýlyma berilmeginden gelýän girdeji toparlaryň arasynda deň paýlanylýar. Ýakyn geljekde toparlaryň ligada çykyş edýänligi üçin berilýän esaslyk tölegler hem 48 milliondan 56 million funt sterlinge çenli ýokarlanar.

Mundan başga-da, toparlaryň alýan tölegi görkezýän çykyşlaryna baglylykda ýokarlanýar. Çempionatda ýeňiji bolan topar goşmaça 11 million funty baýrak hökmünde gazanýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda Angliýanyň futbol boýunça çempionatynda «Mançester Siti» topary 60 utuk bilen öňdeligi eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň