Soňky habarlar

Arhiw

«Iş nokady» koworking merkezinde birnäçe boş iş orunlarynyň bardygy yglan edildi

11:3111.02.2022
0
11926

Aşgabatdaky «Iş nokady» kompaniýasynda birnäçe boş iş orunlary bar.

1. Türkmenistandaky «City Business School»-da satuw menejeri hünäri boýunça boş iş orny bar. Bu hünäriň wezipe borçlary:

  • Müşderi bazasyny saklamak, bilim önümini satmak, müşderileri işjeň gözlemek we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek;
  • Hyzmatlaryň tanyşdyryş dabaralaryny geçirmek;
  • Täjirçilik tekliplerini taýýarlamak, gepleşikler geçirmek, şertnamalar baglaşmak, şertnamalar boýunça töleglere gözegçilik etmek;
  • Hyzmatlary höweslendirmek üçin sergilere, konferensiýalara we okuwlara gatnaşmak.

Satuw menejeri hünäri boýunça şunuň ýaly iş tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berler. Bu iş wezipesine dalaşgärler türkmen we rus dilleriniň ýazuw düzgünini we çeper gürleýiş usulyny suwara bilýän bolmalydyr. Dalaşgärler bilen söhbetdeşlikde aýlyk haky baradaky mesele aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşylar.

2. Türkmenistandaky ITEA wekilhanasynda satuw menejeri hünäri boýunça boş iş orny bar. Bu hünäriň wezipe borçlary:

  • IT önümlerini satmak, müşderileri işjeň gözlemek we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek, müşderi bazasyny saklamak;
  • IT önümleriniň tanyşdyryş dabaralaryny geçirmek;
  • Täjirçilik tekliplerini taýýarlamak, gepleşikler geçirmek, şertnamalar baglaşmak;
  • Hyzmatlary mahabatlandyrmak üçin sergilere, konferensiýalara we beýleki çärelere gatnaşmak.

Şunuň ýaly iş tejribesi bolan dalaşgärlere türkmen we rus dilleriniň ýazuw düzgüni bilen çeper gürleýiş usulyny hem suwara bilmek zerurdyr. Mundan başga-da, dalaşgärleriň esasy programmirleme işini bilmekligi hökmany talap bolup durýar. ITEA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň satuw menejeri hünäri wezipesine dalaşgärler bilen söhbetdeşlikde aýlyk haky baradaky mesele aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşylar.

3. Dolandyryjy (Administrator). Bu hünäriň wezipe borçlary:

  • Ofisi enjamlar bilen üpjün edip, iş gününe taýýarlamak (ofis enjamlaryny birikdirmek we işe taýýarlamak, ofisi kanselýariýa we sarp ediş önümleri bilen üpjün etmek);
  • «Iş nokady» koworking merkeziniň wekilleri we bilen duşuşmak, nyrhlar, peýdalar bilen tanyşmak we kiçi gezelençler geçirmek;
  • Gelip görýänler üçin täsirli we medeni hyzmaty guramak, amatly şertleri döretmek, dolandyryş (administratiw) meseleleri boýunça maslahat bermek, maglumat we ş.m. bilen (wizit kartlar, nyrhlaryň sanawlary, kitapçalar we ş.m.) üpjün etmek;
  • Gelýän jaňlary kabul etmek we çykýan jaňlary dolandyrmak.
  • Hatlar almak we ýollamak;
  • «Iş nokady» koworking merkeziniň wekilleri bilen şertnamalary baglaşmak üçin zerur resminamalary hasaba almak;
  • «Iş nokady» koworking merkeziniň wekilleriniň iş wagtyny hasaba almak;
  • Şertnamalary baglaşmak üçin zerur resminamalary hasaba almak: kanselýariýa, sarp ediş önümleri we ofis üçin zerur bolan beýleki önümler bilen üpjün etmek.

Dolandyryjy (Administrator) hünäri wezipesine dalaşgärler türkmen we rus dilleriniň ýazuw düzgünini we çeper gürleýiş usulyny suwara bilýän bolmalydyr. Dalaşgärler bilen söhbetdeşlikde aýlyk haky baradaky mesele aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşylar.

Boş iş orunlaryna dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Gowy aragatnaşyk endikleri;
  • Işjeň durmuş ýagdaýy we oňyn garaýyş;
  • Kämilleşmek islegi we niýeti;
  • Üns we yhlas;
  • Işlemek üçin jogapkärli çemeleşme;
  • Döredijilik we başlangyç.

«Iş nokady» koworking merkeziniň her bir işgäri üçin şu aşakdakylar kepillendirilýär:

  • Gyzykly meseleler;
  • Üznüksiz ösüş, hünär derejäňi häzirki zaman dünýäsiniň ösen talaplaryna laýyklykda döwrebap kämilleşdirmek üçin mümkinçilikler;
  • Amatly iş şertleri;
  • Dostlukly topar;
  • Zähmetiňe laýyk töleg.

Boş iş orunlaryna dalaşgär bolmaga gyzyklanma bildirýän ähli adamlar öz şahsy maglumatlaryny e.logunova@e-akyl.com elektron salgysyna iberip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň