Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk müdiriýetiniň binalary we desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

23:3010.02.2022
0
5776
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk müdiriýetiniň binalary we desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
Surat: Turkmenportal

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy tanyşdyrdy. Şol desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk müdiriýetiniň binalary we desgalary, Döwlet serhet gullugynyň üç sany 2 gatly 18 öýli ýaşaýyş jaýlary, hojalyk müdiriýetiniň 150 orunlyk esgerler ýatakhanasy, 150 orunlyk esgerler naharhanasy bar.

Milletiň Lideri taslamalar bilen tanşyp, harby gullukçylaryň durmuş üpjünçiligi meseleleriniň oňyn çözülmegi, olaryň maşgala agzalary baradaky aladanyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy, netijeli zähmet çekmegi, Watanymyzyň bähbidine ak ýürekden gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmagy ugrunda toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny nygtady.

Milletiň Lideri döwletimiziň geljekde hem bu ugurda degişli işleri geçirjekdigini, amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan häzirki taslamalaryň hem şol işleriň aýdyň netijesi bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe düzedişleri girizip, bu işleri berk gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Mälim bolşy ýaly, ozal harby we hukuk goraýjy edaralara azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ekerançylyk ýerleri bölünip berildi. Munuň özi azyk üpjünçilik bölümleriniň döredilmegine gönükdirilendir. Görkezilen taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň