Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 320 orunlyk çagalar baglary gurlar

22:0810.02.2022
0
2666
Aşgabatda 320 orunlyk çagalar baglary gurlar

Aşgabat şäherinde 320 orunlyk çagalar baglary gurlar. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti olaryň görnüşleri we ýerleşiş çyzgylary beýan edilen taslamalary hem gözden geçirdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmek üçin uly möçberli maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini nygtady. Şoňa görä-de, gurulýan çagalar baglarynda bu talaplaryň berjaý edilmegi üçin hemme şertleriň üpjün edilmegini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar, çünki halkymyzyň, her bir maşgalanyň, her bir çaganyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.

Milletiň Lideri munuň ugurdaş desgalaryň gurluşygynda hem öz beýanyny tapýandygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň