Soňky habarlar

Arhiw

Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalçylary belli boldy

15:5010.02.2022
0
4985

Futbol boýunça klublaýyn dünýä çempionatynyň finalçylary belli boldy. Final duşuşygynda Braziliýanyň «Palmeýrasy» Angliýanyň «Çelsisi» bilen arzyly kubok ugrunda göreşer.

Ýarym final duşuşyklarynda «Çelsi» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisini ― Saud Arabystanynyň «Al-Hilalyny» 1:0 hasabynda, «Palmeýras» bolsa Müsüriň «Al-Ahlisini» 2:0 hasabynda ýeňdi.

Final duşuşygy 12-nji fewralda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21:30-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň