Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün FIFA-nyň sanawy täzelendi. Türkmenistan näçenji orunda?

15:2210.02.2022
0
12122

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň reýting-sanawyny täzeledi.

Täze sanawyň başyny Belgiýanyň, Braziliýanyň we Fransiýanyň ýygyndylary çekýär.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 133-nji orundan 134-nji orna düşdi. Milli ýygyndymyza 1117,60 utuk berildi. Türkmen futbolçylary sanawda Sudan bilen Latwiýanyň aralygynda ýerleşýär.

Doly sanaw bilen şu salgydan tanyş bolup bilersiňiz.

Şu ýyl Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşmagyna garaşylýar. Merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek saýlama duşuşyklar üçin bije çekilişik dabarasy 24-nji fewralda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň