Arhiw

Türkmenistanda spanbond matalarynyň önümçiligi has-da artar

13:4010.02.2022
0
8998

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çägindäki «Garagum» hojalyk jemgyýeti spanbond matalarynyň täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, ýylda şeýle matalaryň 2500 tonnasyny öndürmäge niýetlenen zawody işe girizer.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda bu hojalyk jemgyýetinde spanbond matalaryny öndürmäge niýetlenen enjamlary ornaşdyrmak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Dokalmaýan matany öndürmekde hojalyk jemgyýetine gerek bolan çig mal hökmünde Türkmenistanda öndürilýän polipropilen ýaly süýüm emele getirýän polimerler ulanylar.

Dokalmaýan spanbond matalaryndan lukmançylyk geýimleri we operasion örtükler, ýorgan-düşekler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, zenanlaryň we çagalaryň arassaçylyk serişdeleri, lukmançylyk edaralary we gözellik salonlary üçin bir gezeklik geýimler tikilýär.

Belläp geçsek, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çägindäki «Garagum» hojalyk jemgyýetiniň täze işe girizjek zawody Türkmenistanda spanbond matalarynyň önümçiligini özleşdirjek ikinji kärhanadyr.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň