Soňky habarlar

Arhiw

«Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

10:3110.02.2022
0
3388

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Žurnal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Bitaraplyk güni mynasybetli hem-de Täze ýyl Gutlaglary bilen açylýar.

Žurnalyň «Açyşlar we täze işläp düzmeler» bölüminde türkmen diliniň şahyranalygy barada gürrüň berýän «Oksimoronlaryň emele gelşi we ulanylyşy» atly makalada baý we kämil diliň halkyň milli medeni mirasynyň baş ruhy daýanjydygy bellenilýär. Bu bölümde «Merwiň Beýik Seljuklar döwründäki küýzegärlik sungaty» atly makala hem ýerleşdirilipdir.

«Miras» žurnalynyň täze sanyndaky «Isgendergala hakynda täze arheologik maglumatlar» atly makala okyjylarda uly gyzyklanma döreder. Onda Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Isgender obasynyň ýanynda ýerleşýän arheologik ýadygärlikler barada gürrüň berýärler.

Žurnalyň «Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölümindäki «Türkmen halk döredijiliginde Hatam Taýyň keşbi» atly makalada Gündogar halklarynyň medeniýetleriniň özara täsirine üns çekilýär. «Orta asyr eýýamynyň bürünç tapyndylary» atly makala hem orta asyr senetçileriniň bürünçden ýasan özboluşly işleri bilen tanyşdyrýar.

Žurnalyň nobatdaky sanynyň esasy makalalarynyň biri hem Nurmuhammet Andalyp we Magtymguly Pyragy ýaly türkmen halkynyň görnükli akyldar şahyrlarynyň döredijiligindäki meňzeşlikler hem-de aýratynlyklar baradadyr.

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn» bölüminde geçen ýylyň dördünji çärýeginde ýurduň jemgyýetçilik, ylmy hem-de medeni durmuşynyň wakalaryna syn berilýär.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalyň sahypalaryny köp sanly fotosuratlar, şol sanda muzeý hem-de arhiw gymmatlyklarynyň suratlary bezeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň