«Türkhowaýollary» Türkmenistandan nobatdaky ýörite uçuşy amala aşyrar

08:1610.02.2022
0
9365

2022-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkiýäniň «Türkhowaýollary» kompaniýasy Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Atavatan Turkmenistan saýtynda habar berilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, nobatdaky uçuş bu awiakompaniýanyň şu ýylyň başyndan bäri amala aşyrýan ikinji uçuşy bolar Birinji ýörite uçuş ýanwar aýynyň başynda amala aşyrylypdy.

Belläp geçsek, dünýäde ýüze çykan ýokanç keseller sebäpli, beýleki ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary 2020-nji ýylda togtadylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň