Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» aýakgap kärhanasynyň dükanlarynda arzanladyş dowam edýär

12:2809.02.2022
0
10678

Türkmenistanda ýokary hilli deriden aýakgap önümlerini öndürýän öňdebaryjy «Röwşen» hususy kärhanasy dükanlarynda erkekler, zenanlar hem-de çagalar üçin niýetlenen möwsümleýin aýakgaplaryna 15-den 40% çenli arzanladyşyň dowam edýändigini ýatladýar.

«Röwşen» aýakgaplaryny kärhananyň resmi web sahypasyndan ýa-da onuň islendik ýerlerdäki dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz. Kärhananyň dükanlary Aşgabat şäherinden başga-da, ýurduň 30 ýerinde, şol sanda Änewde, Maryda, Daşoguzda, Türkmenabatda, Tejende hem-de Kerkide ýerleşýär.

«Röwşen» brendi diňe bir ýurduň çäginde däl-de, eýsem geçen ýyldan bäri daşary ýurtda — Moskwa oblastynda hem dükanyny açyp, alyjylara dürli hili harytlaryny ýetirýär. Mundan başga-da, kärhana Türkmenistanda geçirilýän sergilerde öz önümlerini yzygiderli tanyşdyrmak bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni çekýär.

«Röwşen» hususy kärhanasynyň Aşgabatdaky dükanynyň salgysy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 jaýy, «Gadamly» söwda dükany.

Tel: 21-63-06; +993 64-14-14-19.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň