Türkmenistanda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy bellenildi

22:5807.02.2022
0
11851

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Belläp geçsek, mundan dört gün ozal Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň