Soňky habarlar

Arhiw

«Sumbar Computer» dükanyna satyjy-maslahatçy we hyzmat işgäri gerek

13:3907.02.2022
0
4753

Kompýuter enjamlary we periferiýa esbaplary dükany bolan «Sumbar Computer» satyjy-maslahatçy we hyzmat işgäri wezipesine boş iş ornunyň bardygyny yglan edýär.

«Sumbar Computer» dükanynyň satyjy-maslahatçy iş ornuna dalaşgärler üçin bildirilýän talaplar:

• kompýuter bilimi bolmaly;
• kompýuter enjamynyň düzüm böleklerinden ählitaraplaýyn baş çykaryp bilýän bolmaly;
• türkmen we rus dillerini bilmeli (hökmany);
• müşderä ugurtapyjylykly çemeleşme ukyby bolmaly;
• 25 – 35 ýaş aralygynda bolmaly;

«Sumbar Computer» dükanynyň hyzmat işgäri iş ornuna dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

• degişli iş tejribesi bolmaly (hökmany talap);
• Elektronika we tehniki bilimi bolmaly, şeýle hem abatlaýyş işlerine ussat bolmaly;
• saýtdaky enjamlary (kompýuterler, printerler, tor enjamlary) anyklamak üçin bu ýerdäki işlere taýýarlygy bolmaly;
• türkmen we rus dillerini bilmeli (hökmany);
• 25 – 45 ýaş aralygynda bolmaly.

«Sumbar Computer» dükanynyň iki sany boş iş ornunyň iş tertibi – irden sagat 9-dan agşam sagat 7-ä çenli. Hepdede bir gün dynç güni.

«Sumbar Computer» dükanynyň satyjy-maslahatçy we hyzmat işgäri boş iş ornuna dalaşgärler özleri baradaky şahsy maglumatlaryny sumbar.computer@gmail.com elekron salgysyna iberilmelidir. Dalaşgärler bu elektron salgysyna iberen maglumatlarynyň ýany bilen özleriniň «Sumbar Computer» dükanynyň haýsy boş iş ornuna isleg bildirýändiklerini hem görkezmeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň