Arhiw

Weýran ediji siklon Madagaskarda

13:1007.02.2022
0
3570

Geçen dynç güni Madagaskar adasy soňky iki hepdäniň içinde eýýäm ikinji gezek gaýtalanýan güýçli siklona (apy-tupana) sezewar boldy. «Batsirai» tropiki siklony güýçli ýagyş, batly tolkunlar we sagatda 235 km-e ýetýän ýel bilen adanyň gündogar kenaryna urdy.

Bu tebigy hadysa birnäçe şäherçäni doly weýran etdi. Tropiki siklon «Batsirai-yň» täsirinden onlarça adam wepat boldy, adanyň takmynan 50 müň ýaşaýjysy öýlerini terk etmäge we ýörite döredilen gaçybatalgalarda goranmaga mejbur boldular.

Euronews-iň habar bermegine görä, käbir şäherlerde elektrik ýok we suw üpjünçiliginde bökdençlikler gabat gelýär. Howa maglumatynyň çaklamalaryna görä, siklon häzir günorta-günbatar tarapa hereket edýär we heniz Afrikanyň kontinental bölegine howp salmaýar.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň