Soňky habarlar

Arhiw

Futbol meýdançasynyň ululygyndaky asteroid ýere golaýlaşýar

12:3707.02.2022
0
5209
Futbol meýdançasynyň ululygyndaky asteroid ýere golaýlaşýar

ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugynyň (NASA) habar bermegine görä, Ýere uly asteroid ýakynlaşýar. 2007 UY1 atly bu kosmiki beden 2007-nji ýylda tapylypdy. Bu asteroid ölçegi boýunça takmynan 150 metre barabardyr, bu bolsa bir futbol meýdançasyndan hem has uludyr.

Hünärmenleriň pikiriçe, 2007 UY1 Aten toparyna degişlidir, ýagny onuň orbitasy Ýeriň orbitasynyň içinden geçýär. Planetamyz bilen çaknyşmak howpy barlygy sebäpli, şeýle zatlar gözlegçilerde uly gyzyklanma döredýär.

3dnews.ru-nyň habar bermegine görä, 2007 UY1 şu ýylyň 8-nji fewralynda Ýer bilen iň az aralykda bolar. Şeýle-de bolsa, asteroid Ýere uly howp abandyrmaýar, çünki planetamyz bilen aralyk takmynan 5,3 million km, bu bolsa Ýer bilen Aýyň 14 esse aralygyna deňdir.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň