Futbolda bäş oýunçy çalşygy indi hemişelik bolar

11:0907.02.2022
0
3194

The Athletic-iň habar bermegine görä, futbol düzgünlerini üýtgetmäge jogapkär Halkara Futbol Federasiýalar Geňeşi (HFFG), bir oýnuň dowamynda hemişelik esasda bäş oýunçy çalyşmaga rugsat berer. Bu Geňeş agzalarynyň 3-nji martda geçiriljek ýyllyk ýygnagynda belli bolar.

Bu düzgün futbola pandemiýa başlanandan soň, 2020-nji ýylyň mart aýynda wagtlaýyn girizilipdi – lokdownden gaýdyp gelensoň, klublar milli çempionatlaryň we halkara ýaryşlarynyň oýunlarynda bäş oýunçy çalşygyny ulanyp başlapdy. HFFG ligalara 2020/21 möwsüminde hem şol düzgünleri saklamagy maslahat berdi. Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan diňe Angliýanyň premýer-ligasy (APL) boýun gaçyrdy we her oýunda üç oýunçy çalşygy düzgünine gaýdyp geldi. Bu möwsümde hem APL klublaryň bäş oýunçy çalyşmagyna rugsat bermedi.

Mundan başga-da ýygnakda ofsaýdy awtomatiki kesgitlemek ulgamynyň synagynyň netijeleri barada pikir alşylar. Netijede, ofsaýd emeli intellekt bilen kesgitlener we karar baş eminlere habar berler. Bu tehnologiýa BAE-de geçiriljek Dünýä Kubok oýunlarynda synagdan geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň