Magtymguly adyndaky TDU-da türkmen milli saz guraly dutara bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi

18:2005.02.2022
0
1830

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu dabaraly çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi gurady.

Türkmeniň naýbaşy saz gurallarynyň biri bolan dutaryň dünýä mirasynyň sanawyna goşulmagyna bagyşlanan çärä Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, şeýle-de professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy. Çäräniň geçirilýän ýerinde milli saz gurallary bilen birlikde, türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasyny alamatlandyrýan gymmatlyklar ýerleşdirildi.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler türkmen milli gymmatlygynyň dünýä äşgär bolmagy, şonuň bilen birlikde beýleki maddy gymmatlyklaryň hem Bütindünýä mirasyň altyn hazynasyna hödürlenilýändigini bellediler. Maslahatyň dowamynda dutar saz guralynyň we oňa «dil bitiren» görnükli bagşy-sazandalaryň eserleri, bu sungatyň çeper şekillendirişde we beýleki sungaty eserlerde beýan edilmegi bilen baglanyşykly jaýdar pikirler beýan edildi, türkmen aýdym-saz sungatynyň waspyny ýetirýän goşgular okaldy. Talyp ýaşlaryň dutarda ýerine ýetiren aýdym-sazlary bolsa dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny Bütindünýä mirasyna goşmak bilen bagly çözgüdiň 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edilendigini, ýaňy-ýakynda, has takygy 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda bolsa ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasynyň gelip gowşandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň