Aşgabatda awtobuslary indi onlaýn görnüşde sargyt edip bolýar

18:1404.02.2022
0
11963
Aşgabatda awtobuslary indi onlaýn görnüşde sargyt edip bolýar

Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasynyň web sahypasynda habar berlişine görä, döwlet edaralary, hususy kärhanalar we paýtagtyň ýaşaýjylary awtobuslary sargyt etmek üçin elektron görnüşde ýüz tutup bilerler.

Habarda hususy kärhanalara we raýatlara sargyt esasynda awtobuslarda ýolagçy gatnawyny amala aşyrmak hyzmatynyň töleginiň sagatda 130 manada, döwlet edaralary üçin bolsa 80 manat mukdaryna barabardygy bellenilýär. Awtobuslary sargyt esasynda peýdalanmagyň iň gysga möhleti 1 sagatdyr.

Ýüz tutma habarnamasy ulagyň berilýän wagtyndan azyndan 24 sagat öň iberilýär. Awtobusy belläp goýmak üçin bolsa öňünden töleg geçirmelidir. Şeýle-de awtoulagyň iberilýän ýerine gelmegi we yzyna gitmegi üçin hem töleg tölenýär.

Saýtda ýüztutmany girizmek üçin sargydyň şertlerini üns bilen öwreniň we «Ознакомился/Перейти к оформлению» düwmelerine basyň.

Awtobusy haýsy çäreler üçin kärendesine alyp bolýar?

Gezelençleri guramak, işewürlik ýygnaklary, maslahatlar, işgärleri daşamak, şol sanda korporatiw çärelere hyzmat etmek.

Müşderilere ýardam etmek gullugyna hemişe ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 44-33-90; (+993 12) 44-33-91; (+993 12) 44-33-59.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň