Şotlandlar balyklary agaçlaryň kömegi bilen halas edýärler

18:0703.02.2022
0
808

Şotlandiýanyň çet künjeklerindäki derýalaryň ýakasynda müňlerçe düýp agaç nahallary oturdyldy, şeýle etmek bilen, ýurduň ýaşaýjylary howanyň üýtgemegi zerarly howp abanýan derýa balyklaryny halas etmek isleýärler. Bu barada «Lenta.ru» ýazýar.

Mysal üçin, ýerli alymlar Şotlandiýanyň Haýlend etrabyndaky derýalarda tomsuna suwuň onda ýaşaýan atlantik lososy üçin çakdanaşa gyzgyn bolýandygyny anykladylar. Suwuň ýokary derejeli ýylylygy bu balyklaryň işbil taşlamagyna päsgel berýär, netijede, olara ýitip gitmek howpy abanýar. Losos balyklar 10 derejeden sähel geçýän ýyly suwy halaýarlar, emma bu derýalarda suwuň ýylylygy 30 derejeden hem geçýär.

Hünärmenler barlaglardan soň ýurduň derýalarynyň diňe 35 göteriminiň agaçlar bilen gurşalandygyny anykladylar we suwuň gyzmagynyň öňüni almak üçin derýalaryň ýakasyna bag nahallaryny oturmak pikirini öňe sürdüler.

Aberdinşer şäheriniň balykçylary şundan ugur alyp, eýýäm 250 müň agaç nahallaryny ekdiler, sebäbi bu ýerdäki Di derýasy lososa iň baý suwlaryň biridir.

Işjeňler munuň bilen oňmakçy däl, olar 2035-nji ýyla çenli derýalaryň ýakasynda bir milliona golaý bag ekmegi maksat edinýärler.

Şotlandiýanyň beýleki şäherleriniň häkimlikleri hem bu tutumy goldap, suwly howdanlaryň töwereginde bag ekmek boýunça maksatnamalary taýýarladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň