Soňky habarlar

Arhiw

Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko resmi sapar bilen Türkmenistanda bolar

18:5613.02.2015
0
3970

 Aşgabat, 13.02.2015. “Türkmenportal”.

Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň Türkmenistana resmi sapary şu ýylyň birinji ýarymyna bellenilýär. Bu barada 12-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Ukrainanyň daşary işler ministriniň geňeşçisiniň geçiren gepleşikleriniň barşynda belli boldy. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler, halkara guramalarynyň çäklerindäki, şeýle hem syýasy, medeni-gumanitar we agrar senagat ulgamlaryndaky gatnaşyklara degişli ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän ukrain kompaniýalarynyň işine, bilelikdäki taslamalara degişli meselelere garaldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky Medeniýet günlerini, türkmen we ukrain işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.

Gepleşikleriň barşynda Ukrainanyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak sapary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy ukrain tarapyna Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mynasybetli 2015-nji ýylda geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy diýip, saýt habar berýär.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň