Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen awiagatnawlaryna degişli uçar Aşgabat — Kuala-Lumpur ugry boýunça ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

07:5213.02.2015
0
11061

Aşgabat, 13.02.2015. “Türkmenportal”.

12-nji fewralda türkmen awiagatnawlaryna degişli “Boeing 777-200LR” uçary Aşgabady Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur bilen baglanyşdyrýan ugur boýunça 7 sagatlyk uçuşy amala aşyrdy. Başda bu uçuşy hepdede bir gezek, gelejekde bolsa iki gezek amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, bu uçuşy Bangkok şäheriniň üsti arkaly amala aşyrmak meselesi-de ara alnyp maslahatlaşylýar.

Häzirki wagtda Aşgabatdan Bangkog, Pekin, Urumçy, Moskwa, London, Pariž, Frankfurt, Birmingem, Stambul, Deli, Abu-Dabi, Dubaý, Almaty, Minsk, Sankt-Peterburg ýaly şäherlere we başga-da birgiden ugurlar boýunça göni uçuşlar amala aşyrylýar.

Köp ugur boýunça gatnawlaryň ulgamyny döretmek dowam etdirilýär hem-de ýakyn wagtda oňa sebit derejesinde we sebitara täze ugurlar goşular.

Türkmen paýtagtyndan Riga çenli ýene-de bir awiagatnawy açmaga taýýarlyk görülýär. Bu gatnawy ilki hepdede bir gezek, şu ýylyň tomsunda bolsa hepdede iki gezek amala aşyrmak bellenildi. Gelejekde howa arkaly bu gatnaw “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň beýleki halkara ugurlary, şol sanda Kuala-Lumpura çenli ugur bilen baglanyşdyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň