Zawişa Miloslawlewiç: “Ahalyň” ýeňşe bolan islegi has ýokary boldy”

17:0812.02.2015
0
2756

Aşgabat, 12.02.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň “Ahal” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryndaky özi üçin ilkinji duşuşygynda Gyrgyz Respublikasynyň dokuz gezek çempiony “Dordoýdan” 1:0 hasabynda üstü çykdy. Elbetde, bu waka eýýäm taryha girdi. Ýöne köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu oýna degişli wakalary ara alyp maslahatlaşmak dowam etdirilýär. Biz bu gün “Dordoý” futbol klubunyň resmi saýtynda ýerleşdirilen gyrgyz toparynyň baş tälimçisi Zawişa Miloslawlewiçiň oýundan soňky metbugat maslahatynda beren beýanatyny siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

—“Ahal” bilen bolan oýunda siziň toparyňyza näme başartmady?

—Duşuşygyň ykbalyny bir pursat çözdi: emeli diwar gowy goýulmady, urgy hem diýseň ýerine düşdi. Biziň elden gideren amatly pursatlarymyz az bolmady. Birinji ýarymda üç, ikinjide bolsa üç-dört gezek tapawutlanmaga mümkinçiligimiz boldy. Men türkmen toparyny indiki tapgyra çykmagy bilen gutlaýaryn. “Ahal” ýeňiş gazanmak üçin elinde baryny etdi, bu öz netijesinem berdi. Esasy mesele şunda, biz öz döreden amatly pursatlarymyzdan peýdalanyp bilmedik.

—Eminler barada nämeler aýdasyňyz gelýär?

—Örän gowy diýip aýdyp biljek.

—Siziň Türkmenistana ilkinji gezek gelşiňiz. Türkmen paýtagty nähili täsir galdyrdy?

—Haýran galdym. Bu ýurt we şäher örän owadan. Men ähli tanyş-bilişlerime bu şäheriň şeýle gözelliklere eýeligi we örän oňat adamlar bilen tanşandygym barada gürrüň bererin.

—“Ahal” barada aýdanlaryňyzyň üstüne goşjak zadyňyz barmy?

—Topar ýeňiş gazanmaga doly derejede höwesli çykdy, bu oýnuň ykbalyny çözen esasy zat boldy. Elbetde, menem öz oýunçylarymy utuş gazanmaga ruhlandyrmaga çalyşdym. Ýöne indi ýeňşi has köp islän topar oýnamaly. “Ahal” muňa mynasypdygyny subut etdi.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň