Soňky habarlar

Arhiw

Ýanardagda Marsda ýaşamaga ukyply mikroblar tapyldy

17:1401.02.2022
0
963

Kolorado uniwersitetiniň alymlary Kosta-Rikada ýerleşýän Poas ýanargadynyň kraterinde emele gelen kölden Mars planetasynyň şertlerinde ýaşamaga ukyply mikroblary tapdylar. Bu kölüň çakdanaşa şor suwy bolup, onuň düzüminde zäherli metallar duşýar we wagtal-wagtal suw lasyrdap, iň ýokary derejede gaýnaýar. Bu barada Frontiers in Astronomy and Space Science ylmy žurnaly ýazýar.

Alymlar kölüň suwunyň nusgasyny öwrendiler, netijede onda duşýan Acidiphilium maşgalasyndan bolan mikroblaryň özboluşly biohimiýa aýratynlyklaryny açdylar, hut şol aýratynlyklar bu mikroblara iň kyn şertlerde-de ýaşamaga mümkinçilik berýär. Şeýle şertler bolsa, Gyzyl planetada bar diýip, alymlar belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň