Soňky habarlar

Arhiw

Niderlandlaryň kenarynda gämiler çaknyşdy

17:1201.02.2022
0
815

Düýn Niderlandlaryň kenarynda emele gelen harasat wagty ýük tankeri bilen çaknyşan gämidäki 18 adama gark bolmak howpy abanýar. Munuň üçin halas ediş katerleridir dikuçarlar hadysanyň bolan ýerine bardy.

Maltada hasaba alnan Julietta D ýük gämisi Germaniýadan Amsterdama barýarka nebit we himiýa önümlerini daşaýan tanker bilen çaknyşdy.

Netijede, gämi dolandyryşyny ýitirdi we suwa çöküp başlady. Häzir ondaky 18 adamy halas etmek işleri dowam edýär, emma muňa Demirgazyk deňizdäki güýçli ýelli “Korri” harasaty päsgel berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň