Türkmen radiosynyň taryhy

11:1412.02.2015
0
14846

 Aşgabat, 12.02.2015, “Türkmenportal”.

1950-nji ýylyň 12-nji fewralynda Ýewropanyň radiogepleşikler birleşmesi döredildi. Onuň baş edarasy Ženewa şäherinde ýerleşip, diňe Ýewropada däl, eýsem Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda hem azgalary bar. Her ýylyň 13-nji fewraly bolsa Bütindünýä radio güni hökmünde bellidir. Şonuň üçin “Türkmenportalyň” okyjylaryna türkmen radiosynyň taryhy barada gürrüň bermegi makul bildik.

Türkmenistanda radiogepleşik işleri öz gözbaşyny “Radiosöýüjileriň” jemgyýetinden alyp gaýdýar. Bu gurama 1926-njy ýylyň ýanwar aýynda döredilýär. 

Şondan soň radiostansiýanyň gurluşygyny maliýeleşdirmek we onuň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek üçin “Türkmenradio” jemgyýeti döredilýär. 1927-nji ýylyň noýabr aýynyň başlarynda radiostansiýanyň gurluşygy tamamlanýar. Şeýlelikde, Türkmenistanda ilkinji radiogepleşikler berlip başlanýar.

Arhiw resminamalaryndaky maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, Aşgabatda ilkinji gezek Moskwanyň sesi 1927-nji ýylyň 7-nji noýabrynda ozalky Karl Marks meýdançasynda ýaňlanypdyr. Şol gezek Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasyndan reportaž eşitdirilipdir.

Ilkinji ýyllarda rus dilindäki gepleşikler bir günde 6 sagat berlipdir. Gepleşikleriň Moskwadan eşitdirilmegi bilen birlikde, Türkmenistanyň  radiogepleşikleriniň ýaýlyma (efire) goýberilişi artdyrylyp başlanýar.

1935-nji ýylda Aşgabadyň radiogepleşikler stansiýasynda has kuwwatly alyp eşitdiriji enjam oturdylýar. 1940-njy ýyla çenli şäherlerde we etrap merkezlerinde radiouzeller gurnalýar.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen radiosy uly işleri bitirýär. Şäherleriň we obalaryň adamlary her gün Moskwadan sowet informasion býurosynyň frontdaky ýagdaý baradaky maglumatyny hem-de “Tyl-fronta” diýen gepleşigi eşitmäge mümkinçilik tapýar. Özleriniň gymmat bahaly şaý-seplerini Goranmak fonduna tabşyran türkmen zenanlarynyň watançylyk başlangyjy hem radio arkaly tutuş halka ýetirildi.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda radionyň diktorlar düzümi-de kämilleşdi. Ýazyjy Arap Gurbanow uruş ýyllarynda radioda diktor bolup işledi.“Sowinformyň” habarlaryny türkmen dilinde ilata ýetirenem, uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş baradaky şatlykly habary radioda okanam diktor Arap Gurbanowdy.

(Mämmetdurdy Annagurdow bilen Hojamyrat Goçmyradowyň “Türkmen žurnalistikasynyň taryhy” atly kitaby boýunça taýýarlandy)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň