Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky hokkeý ýaryşynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy

22:5511.02.2015
0
2722

 Aşgabat, 11.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli guralýan hokkeý ýaryşynyň 2-nji tapgyrynyň jemi boýunça ýarym finalda oýnamaly iki komandanyň ady belli edildi.

 “A” toparda çykyş edýän ýurdumyzyň çempiony “Galkan”  “Oguzhandan” 12:1 hasabynda üstün çykyp, möhletinden öň ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandy. Şol toparyň wekilleri “Alp Arslan” bilen “Watançynyň” arasyndaky oýunda olaryň soňkusy garşydaşynyň derwezesine jogapsyz 9 şaýba girizdi. Şeýlelikde, 12-nji fewralda geçiriljek, 3-nji tapgyryň oýnunda kimiň ýaryşy dowam etdirjekdigi “Oguzhan” bilen “Watançynyň” arasyndaky oýunda mälim ediler.

   “B” toparda ýurdumyzyň wise-çempiony “Şir” möhletinden öň ýarym finala çykar öýdüp garaşylýardy. Emma “Nesil” komandasynyň oýunçylary has erjel oýnap, özara duşuşykda “Şirden” 6:4 hasabynda üstün çykdylar. Bu bolsa “Nesil” komandasyna baýrakly orunlar ugrundaky göreşe goşulmaga mümkinçilik berdi. 

 Ýarym final oýunlarynyň 13-nji fewralda, final oýnunyň we 3-nji orun ugrundaky duşuşygyň bolsa 14-nji fewralda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň