Arhiw

Türkmenistanda awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň Tertibi tassyklandy

22:1428.01.2022
0
39411
Türkmenistanda awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň Tertibi tassyklandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­ň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, Bal­kan we­la­ýa­ty­na bo­lan iş sa­pa­ry­nyň jem­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Iş sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Ser­het­ýa­ka de­mir ýol men­zi­lin­de hem-de onuň çäk­le­rin­dä­ki de­giş­li gul­luk­lar­da bol­nan­dy­gy we ser­het ge­çel­ge­sin­den wa­gon­la­ry wagt­ly-wag­tyn­da ka­bul et­mek hem-de ug­rat­mak bo­ýun­ça iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len tan­şy­lan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.

«De­mir­gazyk — Gü­nor­ta» hal­ka­ra de­mir ýol ge­çel­ge­sin­de ula­nyl­ýan tep­lo­woz­la­ryň sa­na­wy hem-de ola­ry ne­ti­je­li ulan­mak bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk ýag­daý­la­ry öw­re­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Be­re­ket — Ser­het­ýa­ka we Be­re­ket — Ak­ýaý­la de­mir ýol ara­lyk­la­ryn­da iş­le­ýän tep­lo­woz­la­ryň sa­ny art­dy­ryl­dy hem-de Ser­het­ýa­ka de­mir ýol men­zi­lin­de tep­lo­woz­la­ra we wa­gon­la­ra ýe­ňil abat­la­ýyş iş­le­ri­ni ge­çir­ýän, hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýän de­po­nyň işi ýo­la go­ýul­dy.

Mun­dan baş­ga-da, wa­gon­lar ka­bul edi­len­de we tab­şy­ry­lan­da, de­giş­li gul­luk­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň wag­ty­ny azalt­mak üçin ola­ryň äh­li­si­niň işi­ni ýo­la goý­mak hem-de hal­ka­ra tej­ri­be­le­r­den ugur alyp, gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýer­le­rin­dä­ki iş­le­ri çalt­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Şeý­le hem Be­re­ket de­mir ýol men­zi­li­niň wa­gon­la­ry paý­laý­jy par­ky­nyň işi bi­len tan­şyl­dy we bu stan­si­ýa­ goş­ma­ça iş­çi güý­jü­ni çek­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri öw­re­nil­di. Onuň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, kö­mek­çi de­mir ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­la­ry­ny gys­ga möh­let­ler­de taý­ýar­la­mak tek­lip edil­ýär.

Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Ýew­ro­pa­nyň, Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ryň, Mer­ke­zi, Gü­nor­ta we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­nyň ba­zar­la­ry­na çy­kal­ga­la­ry aç­ýan «De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta» we «Gün­do­gar — Gün­ba­tar» hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Iş maslahatynyň dowamynda Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry aw­to­bus ugur­la­ry­nyň açyl­ma­gy­nyň, üýt­ge­dil­me­gi­niň, ýa­pyl­ma­gy­nyň Ter­ti­bi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bu res­mi­na­ma hal­kyň aw­tou­lag hyz­mat­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­nyň ta­lap­la­ry­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, «Aw­to­mo­bil ula­gy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­ler na­za­ra al­nyp iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.

Döwlet Baştutany ha­sa­ba­ty diň­läp, aw­to­mo­bil ulag­la­ry­nyň işi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­li­giň üp­jün edil­me­gi­ne, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­da ýo­lag­çy­la­ra edil­ýän hyz­mat­la­ryň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len anyk iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.

Türkmen Lideri de­giş­li res­mi­na­ma gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na iber­di we on­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň