Soňky habarlar

Arhiw

Bottiçelliniň “Hasratçyl erkek” atly eseri 45 million dollara satyldy

14:3828.01.2022
0
3875

Nusgawy nakgaş Sandro Bottiçelliniň “Hasratçyl erkek” atly meşhur eseri Nýu-Ýorkuň Sotheby's söwda öýünde 45,4 million amerikan dollaryna satyldy. Bu barada söwda öýüniň metbugat gullugy habar berdi. Söwdalaşyk ýedi minut töweregi dowam etdi we kartinany satyn alan öz adyny gizlin galdyrmak isledi.

Nakgaşlyk eseri mundan 1500 ýyl çemesi mundan öň döredilipdir. Hasratçyl erkek— günbatarýewropa şekillendiriş sungatynda giň ýaýran ýordumdyr. Onda adatça Isanyň jezalandyrylýan pursady beýan edilýär.

Bottiçelliniň eseri 1963-nji ýyldan bäri şahsy toplumda saklanýardy, şol ýyl ady tutulan söwda öýüne çykarylyp, 28 müň dollara satylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň