Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

22:4427.01.2022
0
11125

Türkmenistanda 27-nji ýanwarda giňden bellenilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen dabaraly maslahata gatnaşdy. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow döwlet Baştutanyna Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň düýbüni tutmak üçin ýörite guta ýerleşdirilýän ýadygärlik senenama gol çekip bermegi haýyş etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow harby mekdebiň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine gelip bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlary diňledi.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde belent owaza beslenen aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy harby orkestriň joşgunly çykyşy watançylyk, gahrymançylyk hakyndaky aýdymlar bilen utgaşyp, dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Döwlet Baştutany harby gullukçylardan ybarat orkestriň sazandalarynyň ýanyna baryp, olaryň döredijiliginiň, watançylyk aýdymlarynyň harby gullukçylary belent sepgitlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Türkmen Lideri bu ýerde ýurduň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumy, onuň desgalarynyň ýerleşdirilişi we enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary bilen tanyşdy.

Milletiň Lideri görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi, şeýle hem desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynyň, toplumyň desgalarynyň täzeçil usulda we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we bellenilen möhletde gurlup gutarylmagynyň möhüm talapdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Dabara gatnaşýan ýaş nesilleriň wekilleri döwlet Baştutanyndan binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata bermegini hem-de bu waka mynasybetli ýadygärlik senenama ýerleşdirilen gutyny binanyň düýbüne atmagyny haýyş etdiler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gutyny binanyň düýbüne oklady we täze desgalar toplumynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeleri Watan goragçylarynyň güni we Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen gutlady hem-de olara alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň