Türkmenistanyň harby gullukçylarynyň bir toparyna döwlet sylaglary gowşuryldy

22:2827.01.2022
0
3974

Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de Türkmenistana, türkmen halkyna köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri, döwletiň we halkyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünlikleri nazara alnyp, şeýle-de her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň