Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistan Respublikasynyň raýatlary Aşgabatdaky daşary ýurt saýlaw uçastogynda saýlawlara gatnaşarlar

10:2811.02.2015
0
2637

Aşgabat, 11.02.2015. “Türkmenportal”.

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2015-nji ýylyň 1-nji martynda Täjigistan Respublikasynda ýurduň Majlisinamoýandogan Majlisi Oline halk deputatlarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigini habar berýär.

Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan Täjigistan Respublikasynyň raýatlary Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanynda döredilen 70/18 belgili daşary ýurt saýlaw uçastogynda ses berip bilerler. Ol şu salgyda ýerleşýär: Türkmenistan, Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly, 4/2. Saýlaw uçastogynyň işleýiş tertibi: duşenbe — anna aralygyndaky günlerde sagat 9.30-dan 13.00-a çenli.

Döwlet saýlaw ýazgysyna (reýestr) adyňy goşdurmak meselesi bilen baglanyşykly meseleleri takyklamak üçin Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutup bilersiňiz.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň