Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Ordu welaýatynda ýagan gar adam boýundan geçdi

09:5428.01.2022
0
1177

Türkiýäniň Ordu welaýatynda güýçli gar ýagandan soň, internet ulgamlarynda gyzykly suratlar peýda boldy. Bu barada «qafqazinfo» web sahypasy habar berdi.

Ýurduň käbir ýerlerinde garyň beýikligi adam boýundan hem geçdi. Türkiýäniň Ordu welaýatynyň Akkuş etrabyndan bolan bir raýaty garyň beýikligini barlap görmeklik üçin garyň içinde girdi. Bu pursat surata alnyp, internet ulgamlarynda ýaýradyldy. Suratda garyň astyndaky adamyň diňe kellesi bilen eli görünýär.

Internet ulgamlaryna ýaýradylan bu surat köpleriň ünsüni özüne çekdi.

Garyň ortaça galyňlygy 82 santimetr bolsa-da, Türkiýäniň käbir etraplarynda iki metre ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň