Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

18:5027.01.2022
0
3714

Şu gün wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlise Iş toparynyň türkmen we tatarystan düzümleriniň agzalary hem-de degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Iş toparyň türkmen böleginiň başlygy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, tatar böleginiň başlygy RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri A.Karimow bolup durýar.

Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ileri tutulýan ugurlar bilen bagly meseleler girizildi. Taraplar Iş toparyň geçen mejlisleriniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde düýpli öňegidişligiň bardygyny bellediler.

Mejlisiň barşynda gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny we gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ykdysady subýektleriň özara hereket etmekleri üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem özara bähbitli taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek ýoly bilen hem-de daşary söwda dolanyşygynyň hasabyna amala aşyrmak arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Mundan başga-da nebit-gaz ulgamynda, senagatçylyk pudagynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu ugurda taraplar türkmen we tatar kompaniýalarynyň arasynda nebit-gaz we senagat pudaklarynyň dürli ugurlarynda ýakyn gatnaşyklary berkitmek boýunça işleri dowam etmäge taýýardyklaryny belläp geçdiler.

Mejlisiň dowamynda aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, ylym we bilim, medeniýet, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmek bilen bagly meseleleriň giň gerimine hem seredilip geçildi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisiniň netijesi boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň