Soňky habarlar

Arhiw

Rus diplomaty bilen gepleşik geçirildi

19:0927.01.2022
0
3771

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň derejesinde syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi. Şeýle hem hökümetara gepleşikleriň yzygider guralmagynyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň