Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Hindistan» lukmançylyk assosiasiýasynyň döredilmegini teklip edýär

18:3427.01.2022
0
682

Şu gün – 27-nji ýanwarda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly birinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammiti geçirildi. Ýokary derejeli duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda 30 ýyl mundan ozal diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Hindistan üçin şu ýubileý ýylynyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, halklarymyzyň köpasyrlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny hem belläp geçdi. Şeýle-de sebit we halkara derejede gatnaşyklary pugtalandyrmak, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek barada öz pikirlerini we tekliplerini beýan etdi.

Sammitiň çäklerinde lukmançylyk diplomatiýasynyň ýaýbaňlandyrylmagy, koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşiň alnyp barylmagy ugrundaky tagallalaryň geljekde has hem utgaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri esasy maksatlarynyň biri ýokanç kesellerine garşy göreşmek bolan «Merkezi Aziýa – Hindistan» lukmançylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň meselesine seredilmegini teklip etdi.

​Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň