Türkmenistan çaltlandyrylan ösüş depginini saklar

00:4411.02.2015
0
5396

 Aşgabat, 11.02.2015. “Türkmenportal”.

Ýakyn ýyllarda Türkmenistan ösüşiň çalt depginlerini saklap, jemi içerki önümiň ösüşi (JIÖ) boýunça GDA girýän ýurtlaryň arasynda öňdäki orunlara geçer diýlip, Birleşen Milletler Guramasynyň “Dünýäniň ykdysady ýagdaýy we mümkinçilikleri, 2015” atly hasabatynda nygtalýar. Bu hasabat her ýyl BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti (BMG YDMD), Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNKTAD), BMG-niň sebit toparlarynyň bäşisi we Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan taýýarlanylýar — diýip, “Nebit-gaz” gazeti öz okyjylaryna habar berýär.

Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depginleriniň 2015-nji ýylda 3,1 göterime we 2016-njy ýylda 3,3 göterime deň bolmagyna garaşylýar. Şunda türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi çaklamalara görä, 2015-nji ýylda 9,5 göterime we 2016-njy ýylda 8,9 göterime deň bolar.

Bu netijäni Halkara pul gaznasy hem tassyklady. Onuň bilermenleri Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň depginleri babatda oňyn çaklama berdiler.  Hususan-da, “Sebit ykdysadyýetiniň ösüş mümkinçilikleri” býulleteninde Halkara pul gaznasy dünýäniň nebit bazarynda birden bahalaryň peselmeginiň nebiti eksport edýän ýurtlar, şol sanda Ýakyn Gündogar, Kawkaz we Merkezi Aziýa döwletleri üçin belli bir kynçylyklary döredýändigi aýdylýar. Bu sebitiň Türkmenistandan, Kuweýtden we Özbegistandan beýleki döwletlerinde 2015-nji ýylda býujetde zelel çekmeleriň boljakdygy bellenilýär.

Umuman, bularyň hemmesi milli ykdysadyýetimiziň “mäkämlik gorunyň” uludygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny hemmetaraplaýyn amala aşyrmaga gönükdirilen ykdysady we maliýe reformalarynyň netijesi bolup durýar — diýip, gazet belleýär.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň