Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda 9 ýaşdan uly çagalarda COVID-19-a garşy sanjym geçirilýär

18:1027.01.2022
0
686

Düýn Eýranda 9-12 ýaş aralygyndaky çagalarda ýokanja garşy sanjym işleri badalga aldy. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi diýip, Trend ýazýar.

Munuň üçin PastoCovac we Sinofarm sanjymlary ulanylýar. Bu iş çagalary omikron ştammdan goramak üçin geçirilýär.

Häzirki güne çenli EYR-da koronawirusa garşy ulanylan waksinalaryň umumy sany 129 million 22 müňden gowrak bolupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň