Soňky habarlar

Arhiw

Älemde energiýanyň syrly çeşmesini tapdylar

18:0427.01.2022
0
831

Awstraliýaly astronomlar älemde her sagatda üç gezek ägirt köp mukdardaky energiýa pürküji näbelli fenomeniň üstüni açdylar. Onuň ylymda öň ýüzbe-ýüz bolnan hadysa däldigi habar berilýär. Bu barada makala Nature žurnalynda ýerleşdirildi.

Alymlar bu energiýa çogmasynyň syrly çeşmesiniň neýtron ýyldyzy ýa-da çakdanaşa güýçli magnit meýdanly ak karligiň bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Ol Ýerden takmynan dört müň ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň