Aşgabat, 11.02.2015. “Türkmenportal”.
1997-nji ýyl — Discovery şattlynyň topary Hublle teleskopyny bejermäge we täzelemäge ugrady.
1970-nji ýyl — “Osumi” atly ilkinji ýapon Ýeriň emeli hemrasy giňişligine çykaryldy.
1929-njy ýyl — Watikan özbaşdak döwlet boldy. Watikan — dünýäde iň kiçi ýurt bolup, Italiýanyň paýtagty Rimde ýerleşýär.
1928-nji ýyl — Sankt-Morisada (Şweýsariýa) II gyşky Olimpiýa oýunlary açyldy.
1922-nji ýyl — Frederik Banting insulini açdy.
1838-nji ýyl — Sankt-Peterburgda Sarskoýe Selo çenli demir ýol boýunça atly tirkegde otly gatnap başlady.
1809-njy ýyl — ilkinji parahod patentlenildi.
1720-nji ýyl — agaç ussasy Ýefim Nikonow suwasty gäminiň esasyny goýan “gizlin gäminiň” gurluşygyna girişdi.
Ýaponiýa, Döwletiň esaslandyrylan güni.
Azerbaýjan, Salgyt gullugynyň işgärleriniň güni.
Kamerun, Ýaşlaryň güni.