Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady

22:2026.01.2022
0
3461
Berdimuhamedow türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzüminiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň