Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky ITEA sizi «Web sahypasyny işläp düzmek» mowzugy boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar

18:2126.01.2022
0
5232

Paýtagtymyz Aşgabatdaky IT akademiýasy sizi «Web sahypasyny işläp düzmeklik» mowzugy boýunça 7-nji fewralda geçirýän ussatlyk sapagyna (master-klasa) çagyrýar.

Ussatlyk sapagynda esasy çykyş etjek spiker, häzirki wagtda «Sanly Garaýyş» hususy kärhanasynyň başlygy bolup işleýän, web sahypa işläp düzüji Kerim Garlyýew bolar. Siz ussatlyk sapagynyň dowamynda:

• html dörediji/düzüji dizaýneriň kimdigi we şeýle hünärmeniň häzirki wagtda näçeräk gazanýandygy barada maglumat alarsyň;
• web sahypa işläp düzüjiniň/kodlaýjynyň esasy gurallaryny öwrenersiňiz;
• web sahypa işläp düzmeklige nädip başlamalydygyny öwredýän kitaplaryň sanawyny alarsyňyz.

Ussat sapagynda amaly sagat hem bolar: Kerim html/css bilen işlemegiň birnäçe usullaryny görkezer we ussatlyk sapagyna gatnaşyjylar web sahypasyny özbaşdak işläp düzmäge synanyşarlar.

  • Ussatlyk sapagynyň başlanýan wagty: sagat 17:00-da
  • Ussatlyk sapagyna gatnaşmaklyk üçin töleg: 50 manat.
  • Ussatlyk sapagyna gatnaşmaga isleg bildirenler «docs.google.com» web sahypasynda bellige alynmaly.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň