Soňky habarlar

Arhiw

Gresiýada sürüjiler gar gabawyna düşdi

16:0926.01.2022
0
4812

Gar syrgynlary Gresiýany hem basdy. Egeý deňzindäki adalarda, şeýle hem kontinental bölekde awtoulag ýollary tutuşlygyna ýapyldy. Ýurduň esasy trassasynda 5 müň sany awtoulag gar gabawyna düşdi. Olary halas etmek üçin goşun herekete geçdi, olar gabawdakylary ýyly içimlik suwdur iýmit bilen üpjün edýärler.

Paýtagtyň köçeleri boşady, gar aýryjy tehnika işlänok, gar depeleri ýarym metrden geçipdir. Grekler howanyň maýlamagyna umyt edýärler, emma howanyň rejesi welin, bu golaýda maýlajaga meňzänok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň