Soňky habarlar

Arhiw

Stambulyň howa menzili şu gün açylar

16:0726.01.2022
0
1232

Düýn ýapylan Stambulyň howa menzili şu gün, çarşenbede açylar. Bu barada Trend habar berýär. Bu habar Türkiýäniň Raýat awiasiýasynyň baş edarasy tarapyndan Twitterde ýerleşdirilipdir.

Häzirki wagtda howa menzilinde ýeke-täk uçuş-gonuş zolagynyň açykdygy we ol arkaly aýratyn gatnawlaryň hem-de öň ätiýaçlykdaky aerodromlara gondurylan gatnawlaryň kabul edilýändigi aýdylýar.

Ýeri gelende aýtsak, Stambulyň aeroporty şähere güýçli garyň düşmegi zerarly ýapyldy. Netijede, müňlerçe ýolagçylar ýaramaz howada menziliň binasynda galmaly boldy.

Garyň ýagmagy bilen baglylykda şäherde söwda merkezleriniň ýapylandygy we ulag gatnawlarynyň bozulandygy habar berilýär. Käbir sebitlerde gar 80 santimetr galyňlykda düşdi. Ýollarda dyknyşyk emele geldi.

Stambulyň gubernatory Ali Erlikaýa 5 müňden gowrak adamyň göçürilendigini, 3 müň adamyň otellerde, umumyýaşaýyş jaýlarynda ýerleşdirilendigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň